Milli metbugatda berilen habarlara görä sebitde täze dörändigi habar berilen terror guramasy Lakurawa, Kebbi welaýatynyň Augie sebitinde ýaragly hüjüm gurady.
Hüjümde 15 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.
Nigeriýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat operasiýalary bölüminiň müdüri Edward Buba, ýurduň demirgazygynda täze bir terror guramasynyň ýüze çykandygyny habar berdi.
Nigeriýa uzak wagtdan bäri ýurduň dürli künjeklerinde ýaragly toparlaryň, şeýle hem Boko Haram we ISWAP atly terror guramalarynyň hüjümlerine sezewar galýar.