
Milli metbugatda berilen habarlara görä, Borno welaýatyndaky Mandara dagynda Boko Harama agza terrorçylar tarapyndan maslahat geçirilýän mahaly howa operasiýasy geçirildi.
Operasiýada guramanyň 100-den gowrak agzasy öldürildi, köp sanda terrorçy ýaralandy.
Nogeriýada 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri barlygyny dowam etdirýän terror guramasy Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.
2015-nji ýyldan bäri goňşy ýurtlar bolan Kamerun, Çad we Niger ýaly döwletlerde hem hüjümler guraýan terror guramasynyň Çad kölüniň töweregindäki hüjümlerinde azyndan 2 müň adam ýogaldy.