
Milli metbugatda berilen habarlara görä, terror guramasynyň agzalary Borno ştatynyň Airamne obasyna hüjüm guradylar.
Hüjümde çopan bolan 17 adamyň öldürilendigi, terrorçylaryň çopanlara degişli ähli mallary alandyklary mälim edildi.
Ýurtda 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri barlygyny dowam etdirýän Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guran terrorçylykly hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.
Terror guramasy 2015-nji ýyldan bäri serhetdeş ýurtlar bolan Kamerun, Çad we Nigerde hem hüjümler guraýar.