Nigeriýada Sil Sebäpli 28 Adam Ýogaldy

Nigeriýada Sil Sebäpli 28 Adam Ýogaldy

Nigeriýanyň Bauçi sebitinde aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 28 adam ýogaldy.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Bauçi sebitiniň Gamawa etrabyndaky obalarda birnäçe günden bäri ýagýan ýagyş, siliň gelmegine sebäp boldy.

Silde 28 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

100 adam hem öýlerini terk etdi.

Nigeriýanyň Žigawa sebitinde hem geçen hepde sil sebäpli 30 adam ýogalypdy.

Suw ministrligi, ýurduň käbir sebitlerinde ýagyşlaryň dowam etjekdigi barada duýduryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Nigeriýada Sil Sebäpli 16 Adam Ýogaldy
Afrikanyň günbatarynda sil apatlary sebäpli 1 million adam ýaşaýan ýerlerini terk etdi
Nigeriýadaky ulag heläkçiliginde 48 adam ýogaldy
Nigeriýanyň Hökümeti Bikanun Ýollardan Alnyp Gidilen Pullaryň Yzyna Gaýtarlyp Berilmegi Isleýär
Nigeriýada Gyzamyk Sebäpli 19 Çaga Ýogaldy