Günbatar Afrika ýurtlaryndan Nigeriýanyň Žigawa sebitinde aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 16 adam ýogaldy.
Žigawa sebitiniň Baş sekretary Haruna Mairiga, sebitde birnäçe günden bäri ýagýan ýagyşyň siliň gelmegine sebäp bolandygyny nygtady.
Mairiga, sil sebäpli 16 adamyň ýogalandygyny, köp sanly adamyň hem dereksiz ýitendigini ýatlatdy.
Sil sebäpli 3 müň 936 öýüň suwyň aşagynda galandygyny aýdan Mairia, ýüzlerçe adamyň öýsüz galandygyny belledi.