Nigeriýada sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 600 adamdan geçendigi, 82 müňden gowrak ýaşaýyş jaýynyň dolulygyna ýykylandygy habar berildi.
Nigeriýanyň Gumanitar işlerden jogapkär ýolbaşçysy Sadiýa Ömer Faruk, mesele hakynda beren beýannamasynda “Sil apaty sebäpli 2022-nji ýylyň 16-njy oktýabryndan bäri 603 adam ýogaldy” diýdi.
1,3 million adam apat sebäpli öýüni terk edendigi, 82 müňden gowrak ýaşaýyş jaýy hem dolulygyna ýykyldygy bellenildi.
110 müň gekdarlyk ekerançylyk meýdanyna hem zeper ýetirlendigi nygtaldy.
Nigeriýada 2012-nji ýylda başdan geçirlen sil apatynda 363 adam ýogalypdy.
Sil sebäpli 2,1 million adam hem zyýan çekipdi.