Imo welaýatynyň Polisiýa gullugynyň komissary Aboki Danžuma beren ýazmaça beýanatynda, şahsyýetleri näbelli bolan adamlar tarapyndan Onuimo sebitinde ýaragly hüjümiň guralandygyny habar berdi.
Hüjümde 8 adamyň ýogalandygyny aýdan Aboki Danžuma, köp sanda adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.
Aboki Danžuma sebite goşmaça howpsuzlyk güýçleriň gönükdirilendigini, waka bilen bagly derňew işiniň başladylandygyny aýan etdi.
Nigeriýanyň günortasynda separatist Biafra ýerli halklary (IPOB) tarapyndan wagtal-wagtal şuňa meňzeş hüjümler guralýar.
Ýurduň günorta zolagynda 29-njy martda geçirilen operasiýada, IPOB-yň agzalary bolan jemi 16 adam ellerindäki ýaraglary we bombalary bilen tussag edilipdi.
Biafra halkynyň Nigeriýanyň günortasynda garaşsyz bir döwlet esaslandyrmak talaby bilen gozgalaň turuzmaklary sebäpli 1967-nji ýylda bolan içerki uruşda, millionlarça adam ýogalypdy.
Ýurduň günorta-gündogarynda 1967-nji ýylda esaslandyrylan Biafra Respublikasy içerki uruşdan soň ýaňadandan Nigeriýanyň özygtyýalylygy astyna giripdi.
Nigeriýa döwleti tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilen IPOB häzirki wagtda hem garaşsyz döwlet esaslandyrmak isleýär.