Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, motosiklli ýaragly adamlar, Kaduna ştatynyň Kurmin Masara etrabyna hüjüm guradylar.
Ýaragly hüjümde 11 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy we 30-dan gowrak öý ýakyldy.
Kaduna ştatynyň Içerki howpsuzlyk we Içeri işler komissary Samuel Aruwan beren beýanatynda, wakanyň bolan ýerine howpsuzlyk güýçleriniň gönükdirilendigini we ýaragly toparlara garşy operasiýanyň başladylandygyny habar berdi.
Ýurtda soňky wagtlarda ýaragly adamlaryň motosikller bilen hüjüm guramaklary netijesinde ýurdyň käbir ştatlarynda motosiklleriň ulanylmagy gadagan edildi.