Nigeriýada Boko Harama Garşy Göreş Dowam Edýär

Nigeriýada Boko Harama Garşy Göreş Dowam Edýär

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Borno welaýatynda terror guramasy Boko Harama garşy guralan operasiýalarda gurama agza 23 terrorçy öldürildi.

Nigeriýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, harby goşunyň, Bornoda terror guramasy Boko Harama garşy geçirýän operasiýalarynyň dowam edýändigi nygtaldy.

Beýannamada, operasiýada 23 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi, gurama agza köp sanly terrorçynyň ýaralanandygy ýatladyldy.

Beýannamada, operasiýada terrorçylar tarapyndan zamun alynan 41 adamyň boşadylandygy, terrorçylara degişli köp sanly ýaragyň we ok-däriniň ele geçirlendigi bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada Boko Haramyň 15 agzasy boýun egdi
Nigeriýada Boko Harama agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Nigeriýada Zamun Alynan 99 Adam Boşadyldy
Nigeriýada 10 Ýyl Ozal Zamun Alynanlar Boşadyldy
Nigeriýada ýaragly hüjümler guraldy
Nigeriýada Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Boko Haramyň Guran Hüjüminde 10 Adam Ýogaldy