
Nigeriýanyň goşunyndan berilen beýanatda terror guramasy Boko Haramyň ýurduň Borno welaýatyndaky harby birikmä guran hüjüminden soň, terrorçylara garşy operasiýanyň geçirilendigi mälim edildi.
Beýanatda operasiýada 8 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi, terrorçylara degişli köp mukdarda ýarag we ok-däriniň ele salynandygy aýan edildi.
Boko Harama agza terrorçylaryň düýn Borno welaýatynyň Konduga sebitindäki harby birikmä guran hüjüminde 1 polisiýa işgäri we asuda ilatdan 1 zenan ýogalypdy.