Nigeriýanyň günorta-günbataryndaky Enugu welaýatynda başdan geçirilen awtobus heläkçiliginde 16 adam ýogaldy.
Enugu welaýatynyň Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Daniel Ndukwe, Opi-Nsukka ýolunda ýokary tizlik bilen barýan awtobusyň gözegçiliden çykyp, binalaryň biriniň bakja diwaryny süsendigini habar berdi.
Daniel Ndukwe, wakada 16 adamyň ýogalandygyny, köp sanda adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.
Bejergi astyna alynan adamlaryň käbirleriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýdan Daniel Ndukwe, ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini aýan etdi.