Anambra welaýat saglygy goraýyş Komissary Afam Obidike beren beýannamasynda welaýatda soňky 1 aýdan bäri çaga ysmazyna garşy sanjym kampaniýasyny başladandyklaryny aýtdy.
Sanjym kampaniýasynda 0-5 ýaş aralygyndaky 1,5 million bäbegiň we çaganyň göz öňünde tutulandygyny beýan eden Obidike, häzirki wagta çenli welaýatda meýilleşdirilen sandan has ýokary geçip, 2,3 million bäbege we çaga sanjym edilendigini habar berdi.
Obidike welaýatda sanjym kampaniýasynyň dowam edýändigini nygtap, ene-atalary we enekeleri wirusa garşy immuniteti güýçlendirmek üçin çagalaryny sanjymlatmaga çagyrdy.
Afrikada Burundide, Nigeriýada, Gambiýada, Ugandada, Beninde, Burkino Fasoda, Kamerunda, Efiopiýada, Malide, Nigerde, Çadda we Sudanda çaga ysmazynyň bardygy anyklanypdy.
Azyk, suw we gatnaşyk arkaly ýokaşýan çaga ysmazy wirusyna garşy çäre görülmän halatynda, dem alyş ýollarynda näsazlyklara, çagalaryň ömür boýy ysmaz bolmagyna we ölmegine sebäp bolup bilýär.