Nigerde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany 94 adama ýetdi

Nigerde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany 94 adama ýetdi

Nigerde iýun aýyndan bäri dowam edýän aşa ýagýan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalanlaryň sanynyň 94 adama ýetendigi habar berildi.

Raýat goranyş baş müdürliginden berilen beýanatda, iýun aýynda başlan aşa güýçli ýagyşlar 135 müň 156 adama täsir ýetirendigi mälim edildi.

Beýanatda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde 94 adamyň ýogalandygy, müňlerçe adamyň hem öýsüz galandygy aýan edildi.

Nigerde iýun aýynda başlaýan ýagyş möwsümi sentýabr aýynda tamamlanýar.

Geçen ýyl 137 müň 797 adama täsir ýetiren aşa ýagan ýagyşlar sebäpli 41 adam ýogalypdy, 53 adam hem ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Afrikanyň günbatarynda sil apatlary sebäpli 1 million adam ýaşaýan ýerlerini terk etdi
Nigeriýada Boko Harama agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Mali, Niger we Burkino Faso ýeke-täk pasport maksatnamasyny yglan etdi
Nigeriýada Zamun Alynan 64 Çaga Bilen Zenan Boşadyldy
UEFA Ýewropa Ligasynyň Çempiony Atalanta topary boldy
Nigeriýada 10 Ýyl Ozal Zamun Alynanlar Boşadyldy