Niderlandlarda Çigildemleriň milli güni bellenildi

Niderlandlarda Çigildemleriň milli güni bellenildi

Amsterdamda Çigildemleriň milli güni bellenildi, onuň hormatyna şäheriň muzeý meýdançasynda 200 müň sany gülden sergi guraldy diýip, 24KZ habar berýär. Sergide myhmanlar mugt güllerden owadan çemen baglap, öz ýanlary bilen äkidip bilýärler.

Baýramçylyk apreliň ahyryna çenli dowam etjek çigildemler möwsüminiň başlanandygyny alamatlandyrýar. Çigildemler güni 12 ýyl bäri bellenip gelinýär.

Sergi-ýarmarka ýerli gül öndüriji kompaniýalaryň 500-e golaýy gatnaşýar.

Niderlandlar dünýäde çigildemleri iri eksport edijidir. Ýurt her ýyl daşary ýurtlara üç milliona golaý çigildem ýerleýär.

Ýene degişli makalalar

Kütahýa Keramiki Plitkasy
Türkmen sallançagy
Aşgabatda “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy
Aşgabat gözelligiň mekany
Unudylanlar we täçden mahrum bolanlar. Merkezi Aziýa döwletleriniň ilkinji prezidentleriniň mirasy
Türkmenistanda “Dizaýn-2022” forumy we “Araçäksiz dizaýn” halkara sergisi açyldy