Niderlandlara çärýek finala çykmak kyn düşmedi

EURO 2024-de 1/8 final duşuşyklarynyň soňky gününde çärýek finala çykan 7-nji topar Niderlandlaryň ýygyndysy boldy.Münhendäki Allianz Arenada oýnalan duşuşykda Niderlandlaryň ýygyndysy Rumyniýanyň ýygyndysyny ýeňillik bilen utdy.

Kodi Gakponyň 20-nji minutdaky owadan goly bilen öňe geçen pyrtykal reňkliler oýnuň ahyrlarynda ýene-de 2 gol saldy.Gollaryň ikisini hem oýna soň goşulan Donýell Malen geçirdi.

Ol 83-nji we 90+3-nji minutlarda tapawutlanyp, Ýewropa çempionatynda pleý-off tapgyrynda oýna soň girip, 2 gol geçiren ilkinji niderland futbolçysy boldy. Şunlukda, Niderlandlaryň ýygyndysy 5-nji gezek çärýek finalda oýnar.

Ýene degişli makalalar

Ýamalyň rekordy we EURO 2024-iň ilkinji finalçysy Ispaniýa
Ispaniýanyň finaldaky garşydaşy Niderlandlar ýa-da Angliýa
Ilkinji finalçy Ispaniýamy ýa-da Fransiýa?!
Gyzylbalyk eksporty 56 göterim artdy
Täze Jeýms Bond filminiň prokata çykjak wagty mälim edildi
Gresiýada Mondrian bilen Pikassonyň 2012-nji ýylda ogurlanan kartinalary tapyldy