NG Kutahya dükanynda Oraza aýy mynasybetli 50% arzanladyş

NG Kutahya dükanynda Oraza aýy mynasybetli 50% arzanladyş

NG Kutahya dükanynda mukaddes Remezan aýy mynasybetli harytlaryň köpdürli görnüşlerine 50% arzanladyş yglan edildi.

Bu ýerden müşderiler şu hili harytlary arzan bahadan alyp bilerler:

• wanna otagy üçin santehnika enjamlary we mebeller; • suw akdyryjy enjamlar; • duş ulgamlary; • esbaplar we düzüm bölekleri; • ýyladyjy radiatorlar; • pollary we diwarlary abatlamak üçin keramika granit önümleri; • laminat; • howly mebelleri; • bio-kaminler.

Aýratyn bellemeli zat, NG Kutahya Aşgabatda keramogranit plitalarynyň iň giň haryt görnüşlerini hödürleýän dükanlaryň biridir. Dükanda pollar we diwarlar üçin syrçaly hem-de ýalpyldawuk görnüşli, tebigy daş we beýleki nagyşly uly göwrümli keramogranit plitalary hödürlenýär. Nagyşlaryň we şekilleriň köpdürlüligi interýer çözgütlerini islendik stilde durmuşa geçirmekde çäksiz mümkinçilikleri açýar.

Uly göwrümli plitkalar gurşawyň abatlaýyş işlerini kiçi plita garanyňda has gysga wagtyň dowamynda tamamlamaga amatlydyr.

Dükan şeýle hem satyn alnan harytlary Aşgabat şäheriniň çägine tölegsiz, ýurduň sebitlerine bolsa ylalaşylan bahadan tiz wagtda eltip berýär.

NG Kutahya dükanynyň giň assortimenti bilen şu salgydan tanyşmak bolýar: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, senagat zolagynyň çägi, NG Kutahya binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Ýaremezançy çagalar öýlere we hususy dükanlara aýlanýar, käbir satyjylar möhleti geçen önümleri berýär
Balkanda metjitlere gözegçilik güýçlendi, tarawa baran zenanlar öz arzasy bilen işden çykmaga mejbur edildi
Täjigistanda we Özbegistanda bilim alan daşoguzlylar MHM tarapyndan soraga çekilýär, olaryň sakgaly syrdyrylýar
Häkimiýetler Remezan aýynyň başlanmagyna 15 gün galanda ýaremezan aýdyp başlan çagalara garşy göreşýär
Ymamlar tarawa namazyna gelýänlere niýetlenen hurmany “öz tanyşlaryna satýar”
Remezan aýynda metjitlerdäki üýşmeleňlere gözegçilik artdy, dinçileriň mobil telefonlary elinden alynýar