NG Kutahya dükany pollar we diwarlar üçin uly göwrümli plitkalary hödürleýär

NG Kutahya dükany pollar we diwarlar üçin uly göwrümli plitkalary hödürleýär

Soňky ýyllarda wannalary abatlamak üçin ulanylýan uly formatly plitkalar has meşhurlyga eýe boldy.Bu hili plitkalaryň ululyklary dürli-dürli bolup, olar 60x120 sm-den — 160x320 sm-e çenli bolýar.

Pol hem-de diwar üçin niýetlenen plitalaryň uly göwrümde bolmagy otagyň abatlaýyş işini kiçi plitalardan tapawutlylykda has çalt tamamlamaga mümkinçilik berýär.Olar goýlanynda açyk ýerler az galýar, olaram o diýen bir görnüp durmaýar, bu bolsa örtügiň daşky görnüşiniň gelşikli bolmagy üçin gowudyr.

Nagyşlaryň we şekilleriň giň görnüşleri islendik stildäki interýeri döretmäge mümkinçilik berýär.

Uly plitkalar aýratyn-da giň wannalar we hajathanalar, şeýle hem aşhanalar, geçelgeler, werandalar üçin, ýagny poly adaty plitkalar bilen ýapmagyň köp wagt alyp biljek islendik otagy üçin has amatlydyr.

NG Kutahya santehnika we gurluşyk materiallary dükanynda wanna otagyny abatlaşdyrmak üçin pollar we diwarlara niýetlenen syrçaly hem-de ýalpyldawuk ýüzli tebigy daş we beýleki görnüşli nagyşlar bilen bezelen uly göwrümli farfor plitalaryny saýlap almak bolýar. Plitkalaryň galyňlygy niýetlenen maksadyna görä üýtgeýär.

Dogry önümi saýlap almak üçin NG Kutahya dükanynyň maslahatçylaryna ýüz tutup bilersiňiz, olar size uly göwrümli kafel we onuň ulanylyşy barada hemme maglumatlary aýdyp bererler. Zerur bolan ýagdaýynda, Aşgabat şäheriniň çägine harytlary mugt eltip bermek ýa-da beýleki welaýatlara (tölegli) eltip bermek hyzmaty ýerine ýetirilýär.

NG Kutahya dükany alyjylara şu salgyda garaşýar: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, senagat zolagynyň çägi, NG Kutahya binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 611 611.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

“Aston Willa” ýaş ýyldyzyny 60 million ýewro Saud Arabystanyna ugratdy
TÝL ― 2023: Ahal bir günlük arakesmeden soň Energetik bilen duşuşar
NG Kutahya dükany öý üçin bio-kaminleriň köp sanly görnüşlerini hödürleýär
NG Kutahya dükanynda ähli önümlere 50%-e çenli arzanladyş yglan edildi
Kutahya Seramik mermere we granite meňzedilen plastik panelleri hödürleýär
Gazagystan: Türkmenistan we Hytaý ÝYB-a nebit önümlerini iberji bolup bilerler