New Shepard gämisi ikinji adamly uçuşyny amala aşyrdy

New Shepard gämisi ikinji adamly uçuşyny amala aşyrdy

Jeff Bezosyň Blue Origin kompaniýasy tarapyndan gurnalan New Shepard suborbital gämisi borty dört adamdan ybarat ekipaž bilen ikinji uçuşyny amala aşyrdy. Uçuş kompaniýanyň saýtynda ýaýlyma berildi. Bu barada www.m24.ru habar berýär.

Raketa ýerli wagt bilen 09:50-de ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Wan-Horn şäheriniň golaýyndaky kosmodromdan uçdy. Gämi 100 kilometrden gowrak belentlige galdy, raketa göterijisi bolsa kosmodroma dolanyp, asuda gonuşy amala aşyrdy.

New Shepard-yň uçuşy 10 minutdan gowrak wagt dowam etdi, şondan soň gämi paraşýutlaryň kömegi bilen kosmodromdan birnäçe kilometr uzaklykda gondy. Kosmos syýahatçylaryny Bezosyň özi garşylady.

Ekipažyň düzümine Blue Origin-iň missiýalar we uçuşlar boýunça wise-prezidenti Odri Pauers, Dassault Systemes kompaniýanyň bölümçesiniň wise-başlygy Glen de Wris, NASA-nyň öňki inženeri we Planet Labs kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Kris Boşuizen we “Ýyldyz ýoly” ylmy-fantastik filmde baş keşpleriň birini ýerine ýetiren 90 ýaşly aktýor Uilýam Şatner girdi.

Artist kosmos giňişligine haçan hem bolsa uçan adamlaryň arasynda iň garrysy boldy.

Ýatlap geçsek, 20-nji iýulda bortunda Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos bolan New Shepard gämisi ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy. Uçuş on bir minut dowam etdi.

Bezosdan öň suborbital uçuşy Virgin Galactic kompaniýasynyň bortunda esaslandyryjysy milliarder Riçard Brenson bolan Unity-22 gämisi amala aşyrdy.

Ýene degişli makalalar

12-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ilkinji portugaliýaly kosmosa çykar
Dünýäniň üçünji baý adamy yglan edildi
Mask dünýäniň iň baý adamlaryň sanawyndaky ornuny gaýdyp aldy
"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Mask ýene-de baý boldy