Hünärmenler köp ýyldan bäri binalaryň penjirelerine oturdyp bolýan hem-de elektrik energiýasyny öndürip bilýän aýnalary işläp taýýarlaýar.Bu taslama durmuşa geçirilen ýagdaýynda äpet binalarda sarp edilýän elektrik energiýasy şol binanyň penjireleri arkaly üpjün ediler.
Gonkongyň Politehniki uniwersitetiniň bilermenleri 19,3 göterim netijelilik berýän organik paneli işläp taýýarladylar.Uniwersitetiň ylmy işgäri, professor Li Gan täze açyşyň ýanyňda göterilýän elektron enjamlarda hem-de binalara ýerleşdirilýän Gün panellerinde ajaýyp mümkinçilikleri döretjekdigini mälim etdi.
Bu ugurda dünýäde soňky 20 ýyldan bäri iş alnyp barylýar.Professor täze usullardan peýdalanmak arkaly netijeliligi 20 göterimden ýokary çykaryp boljakdygyny belleýär.Ylmy işiň netijeleri barada Nature Communications atly žurnalda makala çap edildi.
Organiki Gün panelleri has ýuka gatlakly organiki materiallardan emele gelensoň, adaty silikon esasly Gün panellerinden ýeňil we çeýe bolmagy bilen tapawutlanýar.Bu materiallar daşky gurşaw üçin hem zyýansyz hasaplanýar. Ýuka bolandygy üçin bahasynyň hem elýeterli boljakdygy bellenilýär.
Dünýäde bu ugurda başga ylmy işler hem durmuşa geçirilýär.Kaliforniýanyň Ubiquitous Energy kompaniýasy Gün şöhlesinden elektrik energiýasyny alyp bolýan penjireleri işläp taýýarlaýar.Kompaniýa geljek ýyl önümçilige başlamagy we beýik binalary dik Gün energiýa beketlerine öwürmegi meýilleşdirýär.
Gaýypnazar BALLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.