Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde myhmansöýerligiň asylly däbine görä garşylanyldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mübäreklediler.

Soňra döwlet Baştutanymyz Kazan Ekspo halkara sergi merkezine bardy. Bu ýerde XVI BRICS sammitine gatnaşýan wekiliýetleriň we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Baştutanynyň adyndan kabul edişlik guraldy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde ilkinji gezek giňişleýin düzümde geçirilýän XVI BRICS Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

30-dan gowrak daşary ýurt döwletleriniň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň we GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, XVI BRICS Sammitiniň BRICS+ görnüşindäki plenar mejlisine gatnaşdylar.

Geljekki hyzmatdaşlaryň barha artýan gyzyklanmalary göz öňünde tutulyp, BRICS+ formaty döredildi.Bu format häzirki döwrüň ählumumy meseleleri boýunça netijeli dialog üçin meýdança bolup durýar.Durnukly ösüşe hem-de özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Bu hyzmatdaşlygyň ugurlary her ýyl geçirilýän ýokary derejedäki Sammitlerde we köptaraplaýyn duşuşyklarda kesgitlenilýär.

Abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli dialogy ösdürmek Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny umumy bähbitlere gönükdirmäge çalşyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar.Umumy bähbitlere laýyk gelýän deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlykdan ugur almak bilen, ýurdumyz onuň gerimini giňeltmäge açykdygyny tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kazan şäherine şu iş sapary hem munuň aýdyň güwäsidir.Bu ýerde nobatdaky BRICS sammiti geçirildi.Döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki şu duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Watanymyzyň halkara abraýynyň belentdiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk meselelerinde onuň işjeň ornunyň ykrar edilmeginiň nyşanydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, bu döwletara birleşik 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde esaslandyryldy. Ilki onuň düzümine Braziliýa Federatiw Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Hindistan Respublikasy we Hytaý Halk Respublikasy girdi. BRICS-iň işiniň esasy maksady işjeň, deňhukukly dialogy, netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň hem Russiýa Federasiýasynyň strategik häsiýetli gatnaşyklarynda bu ýurduň iri sebitleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.Tatarystan Respublikasy bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk muňa aýdyň mysal bolup biler. Şol hyzmatdaşlyk uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik we bilelikdäki işiň ägirt uly oňyn tejribesi esasynda guralýar.

Dürli derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler türkmen-tatar dialogynyň ygtybarly binýadyny emele getirýär.Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara kuwwatly itergi berildi.Bar bolan köpugurly mümkinçilikler özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna çykmaga, işewürlik hereketlerini diwersifikasiýalaşdyrmaga amatly şertleri döredýär.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň wekiliýetleriniň iri halkara çärelere, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagy asylly däbe öwrüldi. Geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklardyr saparlar köpugurly hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär. Şu ýylyň maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäherine iş saparyny amala aşyrdy we hormatly myhman hökmünde Russiýa Yslam dünýäsi: KazanForum 2024 atly XV halkara ykdysady foruma gatnaşdy.

Şu aýda Aşgabada Prezident Wladimir Putin tarapyndan ýolbaşçylyk edilen wekiliýetiň düzüminde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň hem gelendigi bellärliklidir. Ol beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumyň çärelerine gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz Tatarystan Respublikasynyň Duslyk ordeni bilen sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidenti BRIKS sammitine gatnaşýar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI XVI BRIKS SAMMITINE GATNAŞÝAR
Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRICS Sammitine gatnaşýar
Serdar Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞDY