
Iri striming hyzmatlar ulgamy bolan Netflix meşhur aktrisa Jennifer Lopeziň ömri we zähmet ýoly barada gürrüň berýän documental filmiň treýlerini tanyşdyrdy.Halftime (Arakesme) diýlip atlandyrylýan filmde aktrisa hem-de aýdymçynyň 1990-njy ýyllarda döredijilik ýoluna gadam basyşy, Super Bowl şowuna taýýarlygy, amala aşmadyk Oskar baýragy, şeýle-de Jo Baýdeniň ABŞ-nyň prezidentigine girişmegi bilen bagly dabarada eden çykyşy we beýleki köp sanly täsirli wakalar dogrusynda söz açylýar.
Filme Amanda Miçeli režissýorlyk etdi.
Film.ru saýtynyň belleýşi ýaly, Arakesme 8-nji iýunda Traýbek festiwalyny açar. Strim hyzmatlar ulgamynda bolsa film diňe 14-nji iýunda elýeterli bolar.