“Netflix”-iň abunaçylary artýar

Dünýä belli “streaming” wideo platformasy “Netflix” 2023-nji ýylyň ilkinji çärýeginde abunaçylarynyň sanynyň hem-de girdejisiniň artandygyny habar berdi. 2022-nji ýylyň ilkinji ýarymynda uly ýitgä sezewar bolan şereket şu ýylyň ilkinji 3 aýynda 1,75 million täze abunaçynyň platforma goşulandygyny mälim etdi.

Gündogar Ýewropada emele gelen ýagdaýlardan soň platforma ep-esli abunaçy ýitiripdi.Häzirki wagtda platformanyň abunaçylarynyň sany 232,5 milliona deň bolup, soňky 3 aýda iň köp Aziýa Ýuwaş umman sebitinden abunaçy toplamagy başardy (1,5 million). “Wall Street Journal”-yň habar bermegine görä, şereket soňky 3 aýda 8,2 milliard girdeji gazandy.

Degişli döwürde 1,2 milliard sap girdeji gazanan şereketiň ýyllyk gazanjy hem 3,7 göterim ýokarlandy.

Soňky döwürde kinolaryň sanyny azaldyp, hilini ýokarlandyryp başlan platforma ýakyn günlerde wideo oýun dünýäsine-de aralaşmaga taýýarlyk görýär.

25 ýyllyk geçmişi bolan şereketiň häzirki wagtda abunaçylarynyň agramly bölegi Demirgazyk Amerika bolup, ABŞ we Kanadadan 74,3 million müşderisi bar. Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrikadan 76,7 million, Latyn Amerikadan 41,7 hem-de Aziýa Ýuwaş umman sebitinden 38 million abunaçy “Netflix”-e tomaşa edýär.

E-mail salgylarynyň üsti bilen DVD-leri prokata bermek bölümini ýapan şereket häzirki wagtda ähli “streaming” platformalarynyň arasynda 10 ýyldan bäri birinjiligini dowam etdirýär.Bu ugurda “Amazon Prime Video” 205 million abunaçy bilen 2-nji, 161,8 million abunaçysy bolan “Disney Plus” 3-nji ýeri eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

“Hollywood”-yň iň gadymy 2-nji studiýasy “Skydance Media” bilen birleşýär
Netflix 300 işgärini işden çykarýar
ABŞ-da Uolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy
ABŞ-da Wolt Disneýiň mülk ýeri satuwa çykaryldy
Abunaçylarynyň sany artdy
“Apple” kompaniýasy täze “iPhone 14” smartfonlary bilen tanyşdyrdy