Netflix 2024-nji ýylyň filmleri bilen tanyşdyrdy

Netflix 2024-nji ýylyň filmleri bilen tanyşdyrdy

Giň gerimli Netflix striming platformasy tomaşaçylary ýakyn wagtda köpçülige ýetiriljek täze filmlerden bölekler bilen gyzyklanma döredýän wideo-tizeri hödürledi. Bu barada Film.ru habar berýär.

Film janköýerlerine halaýan seriallarynyň: Kalmar oýunlarynyň ikinji möwsümi, Bridjertonlaryň we Ambrellanyň akademiýalarynyň täze başdangeçirmeleri, şeýle-de Üç bedeniň tabşyrygy atly ylmy-fantastik romanyň ekranlaşdyrylmagy garaşýar.

Kinofilmleri söýüjiler bolsa Bewerli Hillzli polisiýa 4, Kemeron Diazyň Ýene-de işde atly komediýa-söweşli filmi, şeýle hem Jennifer Lopeziň we Holli Berriniň rollarda çykyş etmeginde surata düşürilýän gyzgalaňly söweşli filmler ýaly kino täzeliklerinden lezzet alyp bilerler.

Filmleriň görkezilişiniň haçan boljakdygy ýakyn wagtda mälim ediler.

Ýene degişli makalalar

Netflix Jennifer Lopez baradaky dokumental filmiň treýlerini hödürledi
Jennifer Lopez “Netflix”-iň filminde surata düşer
Kino täzelikleri
Barbi “alym” boldy
Jennifer Lopez ilkinji iki dilde ýazylan kitabyny çykardy
Jokrama yssyda Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mejbury belledilýär