Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahu Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiwdäki Kirýa harby howa bazasynda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň, metbugat ýygnagyny geçirdi.
Netanýahu: "Ähli ssenariýlere taýardyrys" diýip öňe sürüp, Gazadaky hüjümleriň bes edilmegi babatynda hem ýurduň öz içinden hem-de daşarydan basyş astyndadyklaryny, emma oňa garamazdan hüjümlerini dowam etdirjekdiklerini beýan etdi.
Ysraýyla kyn günleriň garaşýandygyny aýdan Netanýahu, ýurdunyň "Eýrana we onuň töweregine garşy ekzistensial söweşdediklerini" belledi.
Netanýahu çykyşynda, Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýeniň Eýranda janyna kast edilip öldürilmegi bilen bagly bolsa hiç hili beýanat bermedi.