Netanýahu: "Ysraýyl ABŞ-nyň iň güýçli ýarany" diýdi

Netanýahu: "Ysraýyl ABŞ-nyň iň güýçli ýarany" diýdi

"The Times of Israel" tarapyndan berilen habara görä, Binýamin Netanýahu Waşingtona gurajak saparyndan ozal beren beýanatynda, Jo Baýdeniň prezident ýaryşyndan çekilmeginiň üstünde durup geçdi.

Binýamin Netanýahu Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümlerine berýän goldawlary sebäpli Baýden barada öwgüli sözler aýtdy.

Ysraýylyň premýer ministri Binýamin Netanýahu: "ABŞ-na gurajak saparymda Baýdene uzak we tapawutly karýerasy boýunça Ysraýyl üçin eden zatlary sebäpli minnetdarlyk bildirmek üçin mümkinçilik bolar" diýip habar berdi.

Waşington saparynda 7-nji oktýabrdaky hüjümlerden bäri dowam edýän wakalaryň maslahatlaşyljakdygyny aýdan Netanýahu, Baýden bilen ýesirleriň azat edilmegi, Hamasyň ýeňilişe sezewar edilmegi, Eýran bilen bagly meseleler we Ysraýylyň raýatlarynyň ählisiniň demirgazykdaky we günortadaky öýlerine howpsuz ýagdaýda dolanyp barmaklarynyň üpjün edilmegini ele aljakdyklaryny beýan etdi.

Binýamin Netanýahu amerikaly resmiler bilen geçiren duşuşyklarynda we Kongresde etjek çykyşynda: "Amerikan halky nobatdaky prezident hökmünde kimi saýlasa saýlasyn, Ysraýyl ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky ýüz öwrülmesiz we güýçli hyzmatdaşy bolmaga dowam etjekdigini aýdaryn" diýip mälim etdi.

Netanýahumuň 24-nji iýulda Amerikan Kongresinde çykyş etmegine garaşylýar.

Aralarynda Bernie Sanders hem bolan kongresiň köp sandaky agzasy Netanýahunuň çykyşyny boýkot etjekdigini aýan edipdi.

Netanýahu 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri ilkinji daşary ýurt saparyny ABŞ-na gurar.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Hamas bilen ýesir çalşygy boýunça gepleşikler geçiren toparyň ýurda dolanyp geldi
Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy
Prezident Erdogan Gaziantepde ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
Ysraýyldan Siriýa Howa Hüjümi Guraldy