Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy

Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Siriýada Baas ulgamyny agdaran toparlara hemle atdy.

Siriýa hakynda beýannama beren Netanýahu “Siriýanyň içerki işlerine goşulyşmak niýetimiz ýok” diýdi.

Ysraýylyň howpsuzlygy üçin Siriýada operasiýa geçirendiklerini aýdan Netanýahu, şol çäkde Siriýadaky harby merkezleriň bombalanmagy üçin görkezme berlendigini nygtady.

Baas ulgamyny agdaran toparlar bilen gatnaşyk etmek isleýändiklerini aýdan Netanýahu, “Emma Eýranyň Siriýada iş alyp barmagyna rugsat berlen, Eýranyň ýaraglarynyň ýada haýsydyr bir ýaragyň Hizbullaha berilmegine rugsat berlen we bize hüjüm edilen halatynda berk gaýtawul görkezeris”diýdi.

8-nji dekabrda Siriýada 61 ýyllyk Baas ulgamy agdarlypdy we agdarlan lider Başar Asada ýurdundan gaçypdy.

Ysraýylyň harby goşuny şol günden bäri Siriýada 320 nokada howa hüjümini gurandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyldan Siriýa Howa Hüjümi Guraldy
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Jenindäki adamlary zamun alma hadysalary dowam edýär
Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär
Tramp bilen Netanýahu 4-nji fewralda Ak Tamda duşuşar
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi