Netanýahu Her Damja Ganyň Hasabyny Berer

Netanýahu Her Damja Ganyň Hasabyny Berer

Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisindäki toparynyň maslahatynda çykyş etdi.

Ysraýylyň Gazada 7 aýdan bäri dowam edýän genosidine ýene-de bir gezek reaksiýa bildiren Prezident Erdogan; “Netanýahu we genoside şärik bolanlar döken her damja ganlarynyň hasabyny bererler.Biz hem ganhorlaryň hukuga hasap bermegi üçin ýeňsesinde bolaryş.

Siz Ysraýylyň Gazada durjakdygyny pikir etmäň.Bu azan döwlet, bu terror döwleti togtadylmasa, wada berilen ýerler hyýaly bilen gözüni iru-giç Anadola diker” diýdi.

Erdogan hem öz territoriýalarynyň garaşsyzlygy üçin söweşýän hem-de Anadolyny goran Palestinanyň söweşjeň hereketi Hamasy goldamaga dowam etjekdiklerini aýtdy.

Ysraýylyň gara propogandasyna hem reaksiýa bildiren Erdogan; “Sionist ganhorlaryň we olaryň oýnatgylarynyň bizi nyşana almagy gorkuly däl, döşümizde buýsanç bilen göteriljek abraý medalydyr” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Tramp bilen Netanýahu 4-nji fewralda Ak Tamda duşuşar
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär
Netanýahu Hamas bilen Gazada hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşandyklaryny beýan etdi
Dünýä Gazada gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi