
Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Hamasyň ýesir çalşygy üçin beren teklibini kabul etmändigini nygtap, “Söweşi ähli taraplaýyn dowam etdirýäris” diýdi.
Binýamin Netanýahu, häzire çenli 110 ýesiri boşadandyklaryny we ýesirleriň ählisiniň boşadylmagy üçin tagalla etjekdiklerini aýtdy.
Hamasyň, ýesirleriň boşadylmagy üçin söweşiň bes edilmegini we Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Gazadan çekilmegini talap edendigini aýdan Netanýahu, Hamasyň teklibi kabul edilen halatynda “raýatlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilip bilinmejekdigini” nygtady.
Netanýahy “Söweşi ähli frontda dowam etdirýäris. Terrorçylar üçin hiç hili ýeňillik döredilmez. Ne Gazada, ne Liwanda, ne Siriýada ne-de başga bir ýerde terrora boýun egmeris. Bize zepere ýetirene degişli jogaby bereris” diýdi.
Hamasyň “Kassam” atly ýaragly topary 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy guran hüjümide köp sanly ysraýyllyny ýesir alypdy.
Gazadaky çaknyşyklara 24-nji noýabrda 4 günlük ynsanperwer maksatly arakesme berlipdi we şondan soň uzadylan 3 günlük arakesmede ysraýylly 81 ýesir bilen palestinaly 240 ýesir boşadylypdy.