Netanýahu bilen Baýden 2 Aý Soň Ilkinji Gezek Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Netanýahu bilen Baýden 2 Aý Soň Ilkinji Gezek Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Eýrana hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ak Tamdan berlen beýannamada, telefon söhbetdeşliginiň netijeli geçendigi ýatladyldy.

Ak Tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýer ýarym sagat dowam eden telefon söhbetdeşliginiň netijeli geçendigini nygtady.

Karin Žan-Pýer “Prezident bilen Ysraýylyň Premýer-ministri birnäçe mesele boýunça pikir alyşdy. Ysraýyl bilen Eýranyň soňky hüjümine degişli gaýtawulyň görkezilmegi meselesini ara alyp maslahatlaşmaga dowam ederis” diýdi.

Soňky günlerde aralarynda käbir düşnüşmezligi başdan geçirýändigi aýdylýan Netanýahu bilen Baýden 2 aý soň ilkinji gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Jenindäki adamlary zamun alma hadysalary dowam edýär
ABŞ Netanýahu sebäpli Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy kanun taslamasyny
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Netanýahu Hamas bilen Gazada hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşandyklaryny beýan etdi
Dünýä Gazada gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi
Hamas Bilen Ysraýylyň Arasynda Dohada Aýlawly Gepleşik Geçirilýär