“Netanýahu Asylyp Öldürilmeli”

“Netanýahu Asylyp Öldürilmeli”

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý, Halkara Adalat diwanynyň Gazada eden harby jenaýatlary sebäpli Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň tussag edilmegi barada görkezme bermeginiň ýeterlik däldigini, Netanýahunyň asylyp öldürilmelidigini aýtdy.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ali Hamaneý, paýtagt Tähranda Ynkylap goragçylary goşunyna tabynlykdaky söweşiji güýçleriň agzalaryna ýüzlenip çykyş etdi.

Ysraýylyň Gazada we Liwanda edýän adamzat jenaýatyna ünsi çeken Hamaneý, “Netanýahunuň tussag edilmegi boýunça karar kabul edildi, bu karar ýeterlik däl. Ol asylyp öldürilmeli”diýip belledi.

Asuda ilatyň bombalanmagyna garşylyk görkezen dini lider “Gazadaky we Liwandaky ynsanlaryň öýlerini bombalamagy ýeňiş däldir. Akmaklar, halkyň öýlerini we hassahanalary bombalandyklary üçin ýeňiş gazanandyr öýtmesin. Hiç kim muny ýeňiş hökmünde görmeýär. Bular ýeňiş däl eýsem harby jenaýatdyr” diýdi.

Ýene degişli makalalar

“Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagyna Rugsat Bermeris”
Ysraýylyň Eýrana Guran Hüjümi…
“Tahran Uly Ýalňyşlyk Etdi we Jerimesini Çeker”
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi
Tramp bilen Netanýahu 4-nji fewralda Ak Tamda duşuşar