Nepaldaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Nepaldaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde we onuň töwereginde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalanlaryň sany 241 adama ýetdi.

India Today tarapyndan berilen habara görä 241 adamyň ýogalan tebigy apat zolagynda 4 müňden gowrak adam halas edildi, müňlerçe adam kyn ýagdaýda galdy.

Premýer-ministriň geňeşçisi Eaknaraýan Arýal bolsa tebigy apat sebäpli azyndan 29 adamyň dereksiz ýitendigini, 126 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Hindistandaky Maha Kumbh Mela festiwalynda 10 adam ýogaldy
Hindistanda bir günde 38 adam ýyldyrym urmagyndan heläk boldy
Bill Geýts emeli aňyň synjakdygyny çaklaýar
Hindistanly dünýäde iň uzyn saz eserini ýazdy
Hindistanyň demirgazygyndaky jokrama yssyda 100 adam pida boldy
Hindistanda 26 barmakly gyzjagaz dünýä indi