
"The Kathmandu Post" gazediniň berýän habaryna görä, Nawalparasi sebitiniň Madhýabindu şäheriniň Sehari obasynda ýaşaýan Min Bahadur Taru, Naraýani derýasynda ýuwunýan mahaly, krokodiliň hüjümine sezewar galdy.
Krokodiliň suwuň aşagyna çeken we bir sagatdan gowrak wagt suwuň aşagynda galan aýal ýogaldy.
Garry aýalyň jesedi derňelmek maskady bilen kazyýet-lukmançylyk edarasyna ugradyldy, tutulan krokodil hem gözegçilik astynda saklanmaga başlandy.
Nepalda her ýyl onlarça adam wagşy haýwanlaryň hüjümlerinde aradan çykýarlar.