Nemes operasy we rus romantizmi: Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň täze konserti

18-nji martda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy, onda Karl fon Weberiň we Pýotr Çaýkowskiniň eserleri ýerine ýetirildi.Resul Gylyjow diňe bir kompozitoryň döredijiliginde däl, eýsem 19 asyryň birinji ýarymynda Karl Mariýa fon Weberiň ýewropa medeniýetinde hem meşhurlyk gazanan Erkin mergen romatiki operasynyň taryhy barada gürrüň berdi.

Operanyň 1821-nji ýylyň 18-nji iýunynda bolan premýerasy tomaşaçylary haýrana goýýar.Mergenimiz nyşana dogry düşdi - diýip Weber librettoçy Iogann Fridrih Kinde ýazypdyr.Tokaý hojalygynyň müdiriniň gyzy Agata bilen awçy Maksyň söýgüsi, olaryň öz bagty ugrunda göreşi we gahrymanlaryň biriniň keşbine giren arwaha garşy duruşlary, şeýle hem Möjek jülgesinde bolup geçen dartgynly syrly wakalary Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň sazandalary çeper beýan etdiler.

Operanyň esasy tematiki elementleriniň ählisi sazandalaryň ýerine ýetiren uwertýurasynda jemlenip, klarnetiň şahyrana solosynda nygtalýardy.Intonasiýlara baý çeper saz dili hyýalyňda Kaspar bilen Samýeliň betpygyl pirimlerini, aşyklaryň öz bagty ugrunda tagallasyny, Agatanyň we Maksyň sussypesligini hem ejirini şekillendirip, tomaşaçylaryň ýüregini howsala salýardy, diňe onuň ahyrynda ýagşynyň ýamandan üstün çykyşy joşgunly sazda beýan edilýär.

Diňleýjiler uwertýurany şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler.Onuň yzysüre Weberiň Klarnet we orkestr üçin 1-nji konserti ýerine ýetirildi.Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşiginiň baýragynyň eýesi Ýusup Öwezow klarnetde solo çykyş etdi. Ýene-de klarnetiň kantilen owazy bilen nagyşlanan saz eseri tomaşaçylaryň hyýalynda dartgynly wakalary janlandyrdy.

Konsertiň ikinji bölümi Pýotr Ilýiç Çaýkowskä bagyşlandy.Resul Gylyjow şu ýyl ajaýyp kompozitoryň doglan gününiň 180 ýyllygynyň bellenilýändigini ýatlatdy.Kompozitoryň baletlerinden bölekler, şeýle hem Françeska da Rimini Fantaziýasy ýerine ýetirildi.

Diňleýjiler uzaga çeken el çarpmalar bilen rus genisiniň saz eserlerini çeper beýan edenligi üçin dirižýora we sazandalara minnetdalrygyny bildirdiler.Soňra biz tomaşaçylardan gysgajyk interwýu aldyk. Ýelena Arabowa, iňlis dili mugallymy: -Men ýurdumyzda durmuşymyzy şatlyk we ylham uçgunlary bilen bezäp bilýän şeýle ajaýyp sazandalaryň barlygy üçinem özümi bagtly saýýaryn.

Resul Gylyjowyň toparynyň bir konsertinem sypdyrmajak bolýaryn.Dirižýoryň we sazandalaryň zehinine Aperin! - diýýärin.Anuş Potarak, artist: -Meniň Resul Gylyjowa sarpam üýtgeşik.Men onuň diňleýjleir bilen saz arkaly söhbet ediş başarnygyny, saz saýlap bilşini we özüne çekijiligini halaýaryn.

Dirižýoryň döredijilik hyjuwy sazandalaryň we tomaşaçylaryň göwnüni galkyndyrýar, çalynýan eserlere özboluşly aksentleri berýär.Resula tüýs ýürekden täze döredijilik açyşlaryny we kärinde üstünlikler arzuw edýärin!

Ýene degişli makalalar

Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr Dante Aligýeriniň Ajaýyp komediýasynyň bir parçasyny gürrüň berer
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr Nury Halmämmedowyň Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň diňläp bilmedik aýdymlary eserini ýerine ýetirdi
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr aýdym-saz muşdaklaryna naýbaşy eserleri peşgeş etdi
Meşhur sazandalaryň durmuşyndan
A.S. Puşkin adyndaky teatr hakda monologlar: Olga Wolkowanyň durmuş ýolundan parçalar