Nemes habarlar gullugynyň (DPA) mälim etmegine görä soraglardan birine jogap beren hökümetiň resmisi 1-nji ýanwar bilen 18-nji iýunyň aralygynda 7,48 milliard ýewrolyk ýarag we harby enjam satuwyna tassyknama berilendigini mälim etdi.
Şol mukdar 2023-nji ýylyň birinji ýarymyna görä 30 göterimlik artyşy aňladýar.
Eksport tassyknamasynyň 65 göterimine barabarynyň, ýagny 4,88 milliard ýewrolyk böleginiň Germaniýa tarapyndan goldanýan Ukraina edilendigi habar berildi.
Ukrainadan soň ýarag eksportyna tassyknama berilen esasy ýurtlar; Saud Arabystany, Singapur, Hindistan we Katar boldy.
Nemes hökümeti 2023-nji ýylda daşary ýurtlara 12,2 milliard ýewro barabar ýarag we harby enjam satuwyny tassyklapdy.