Däp bolup gelşi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Nejeboglan atly täze opera taýýarlandy. Halypa dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň Nejeboglan halk dessany esasynda ýazan librettosy boýunça tanymal režissýor Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyran täze operasynda Nejeboglanyň başdan geçirýän wakalary täsirli açylyp görkezilýär.
Nejeboglan dessany Horezm ýurdunyň Diýar welaýatynyň begi Soltaneseniň ýurduna Genje Garabagdan gelen täjirlerden Gürgenjiň olarda galdyran täsiri hakynda soramagy, olaryň bolsa Hemme zat gowy, ýöne aýdym-sazyňyzy, bagşy-ozanlaryňyzy diňläp görmedik diýip jogap bermegi bilen başlanýar.
Beg olara Elwent bagşyny diňledýär.Bagşy olardan düýşünde gören Sona atly gelnini soraglap, onuň tarypyny ýetirýär.Sona gelin hem täjirleriň gelen ýurdundan, Waala atly weziriň aýaly bolup çykýar.
Elwent bagşy Sona gelin bilen duşuşyp, ony ýedi aýlyk ogly bilen öz ýurduna alyp gaýdýar.Oňa ogluna atalyk edip, ony özi ýaly bagşy edip ýetişdirjekdigini söz berse hem sözünde tapylmaýar.
Oglan çykan Nejep Aşyk Aýdyň pire gol berip, birnäçe ýyldan soňra bagşy bolup ýetişýär. Özüne azar ýamanyny beren atalygy Elwent bagşyny ýaryşda ýeňip, başyndaky tylla jygasyny alýar.Köňül beren gyzy Mylaýymyň derdini saz bilen bejerip, gyzyň söýgüsine mynasyp bolup, maksat-myradyna ýetýär.
Bu dessan esasynda sahnalaşdyrylan operanyň ilkinji görnüşlerinde dessançy eserde beýan edilýän wakany belent duýgularda tomaşaçylara ýetirmegi başarýar. Gadymy dessançylyk sungatymyza mahsus şeýle gürrüň tomaşaçylara eserde beýan edilýän wakalaryň jümmüşine içgin aralaşmaga mümkinçilikleri döredýär. Munuň bu dessandaky wakalaryň biri-birleri bilen sazlaşyp, yzygiderli dowam etdirilmegine ýardam edýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary hem-de talyplary bu sahna eserinde dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini janlandyrýarlar.Munuň özi halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny giň gerimde ösdürmäge hem-de geljekki opera aýdymçylaryna öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga amatly şertleri döredýär.
Täze operada baş gahrymanlar Nejeboglanyň hem-de Mylaýym hanyň keşplerini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Şatlyk Gurbannazarow bilen Aýjahan Saparowa ýerine ýetirýär.Aýdym-saza höwesli ýaşlar üçin zehin synagy bolan bu operada olar özlerine ynanylan gahrymanlaryň keşplerini ynandyryjy janlandyrmagy başardylar.
Operada halk içinde giňden belli Owadan gelin, Saba boldy, Geldiňmi?, Myhman al meni ýaly aýdymlar belent heňde ýaňlanýar.
Täze operanyň sahna bezegini Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradow, eginbaşlary bolsa suratkeş Keýik Hojaýewa ýerine ýetiripdir. Bulardan başga-da hormeýster G.Babaýewiň, baletmeýsterler O.Wasilýewanyň, S.Aşyrowyň, A.Nurýagdyýewanyň alyp baran köpugurly döredijilik gözlegleri täze operany özboluşly bezeýär.
— Hormatly Prezidentimiziň milli opera sungatymyzy täzeden dikeltmäge hem-de opera aýdymçylarynyň täze nesillerini ýetişdirmägeuly üns bermeginden ruhlanyp, Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe baýramçylyk sowgady hökmünde taýýarlanylan sahna eseriniň şu gün ilkinji gezek görkezilişinden tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanjakdygyna ynanýarys. Ýaşlara sungatyň dürli görnüşlerinde öz başarnyklaryny synap görmäge döredýän uly mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys — diýip, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ylmy döredijilik işleri boýunça prorektory Ýazmyrat Rejebow belledi.
Meretgylyç ÝAGMYROW.