
Gyrgyzystanyň Neftçi futbol topary Täjigistanyň futbol ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jahongir Ergaşew bilen düzümini güýçlendirdi.
Koçkar-Ata şäheriniň kluby 27 ýaşly futbolçy bilen şu möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdy.
Ergaşew mundan ozal Hujand, SSKA-Pamir, Istiklol, Eshata, Dinamo Brest (Belarus), Saif (Bangladeş) we Kyzylkum (Özbegistan) toparlarynda futbol oýnady.
Onuň Täjigistanyň futbol ýygyndysynda 37 duşuşykda 4 goly bar.
Neftçiniň AFK-nyň kubogy ― 2022-de Altyn asyr bilen bir toparçada ýaryşjakdygyny ýatladýarys.