Neda BERGER: Söýýän seni Türkmenistan

Neda BERGER: Söýýän seni Türkmenistan

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi. Onda türkmenistanly we awstriýaly sungat ussatlary çykyş etdiler.

V Wena balyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen awstriýaly döredijilik toparynyň arasynda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň başlygy Neda Berger hem bar. Biz dabaranyň dowamynda Neda Berger bilen gürrüňdeş bolduk. Hormatly myhmanymyzyň bize beren täsirli gürrüňlerini saýtymyzyň üsti bilen okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Neda Berger, Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň başlygy: — 4 ýyldan soňra Türkmenistanda Wena balynyň geçirilýändigi buýsandyryjy ýagdaý.Ozalky 4 gezek Aşgabatda geçirilen Wena baly üstünliklere beslenen bolsa, bu gezekki V Wena balynyň Türkmenistanyň akylly şäheri — Arkadag şäherinde geçirilmegi hem aýratyn mana eýedir.

Akylly şäheriň gözelligi bu ajaýyp sungata has-da özüniň özboluşlylygyny goşýar.Wena baly Awstriýanyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir.Bu ajaýyp sungat özüniň gözbaşyny 500 ýyl mundan ozal başlady.

Häzirki wagtda hem dünýäniň iň iri şäherlerinde geçirilip gelinýär.Bala Wenanyň meri we gubernatory hem özüniň gutlagyny ugratdy.Bu bolsa Wena bilen Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlyk üçin aýgytly ädim boldy.

Awstriýanyň wekiliýetiniň düzümine diňe bir sungat işgärleri bolman, dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan iri kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň bolmagy iki dostlukly ýurduň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň has-da öňe ilerlemegine oňyn ýardam berýär.

V Wena baly Awtriýa-Türkmen jemgyýetiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna hem gabat gelendigini aýratyn belläsim gelýär.Türkmen-Awstriýa simfoniki orkestriniň dördilenine bolsa 14 ýyl dolýar.

Wenada 18-nji oktýabrda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik agşamy geçirilýär.Onda men hem akyldar şahyryň rus diline tejime edilen goşgularyny kompozitor Aşyr Aşyrowyň sazlarynyň esasynda okamakçy.Men Söýýän seni Türkmenistan atly kitabymy sowgatlyk getirdim.

Onda Türkmenistanyň ykdysady ösüşlerini, Gahryman Arkadagyň alyp barýan adyl syýasatyny wasp edýän eserlerim ýerleşdirildi.Wena balynyň ýene-de Türkmenistanda onda-da Arkadag şäherinde geçirilmegi üçin taýsyz tagallalar eden türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadaga, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin.

Ýene degişli makalalar

6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY