Amerikanyň Demirgazyk Karolina ştatynda ýaşaýan agaç ussasy dükanyň ulag goýulýan ýerinden tapan 20 dollaryna lotereýa petegini satyn alyp, bir million dollar utuş gazandy. Aslynda, olarda meniň gözleýän petegim ýokdy, şonuň üçin men şu petegi satyn aldym diýip, Banner Elk şäheriniň ýaşaýjysy Jerri Hiks gürrüň berýär.
Lotereýanyň guramaçylary Hikse 20 ýylyň dowamynda her ýyl 50 müň dollar almagy ýa-da bir gezeklik 600 müň dollary almagy teklip etdiler. Erkek kişi ikinji teklibi saýlady we salgytlaryň töleginden soňra 429 müň dollary eline aldy.
Lotereýanyň ýeňijisiniň sözlerine görä, ol bu puly 56 ýaşdan soňra pensiýa çykmak üçin peýdalanmakçy. Şeýle-de ol öz utuşynyň bir bölegini çagalaryna bermekçi hem-de restoranda oňat iýip-içmekçi diýip, CNN neşirine salgylanýan MIR 24 habar berýär.