Nebitmaş DK dürli pudaklarda ulanylýan gözegçilik diňlerini öndürýär

Nebitmaş DK dürli pudaklarda ulanylýan gözegçilik diňlerini öndürýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň köpugurly Nebitmaş döwlet kärhanasy milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli bolan önümleri öndürýär. Öndürilýän önümleriň hatarynda gözegçilik diňleri hem bar.

Ýokary gatly metal gurluşlar dürli hili maksatlar bilen ulanylyp, olara köp pudagyň işinde isleg bildirilýär. Olar geologiki gözleg, magdan gazuw işleri, obýektleri goramak, radiosignallary ýaýratmak, binalary gurmak hem-de abatlamak işlerinde ulanylýar.

Aýratyn-da, syn diňleriniň esasy artykmaçlygy — daş-töweregi ep-esli beýiklikden we ähli taraplygyna synlamak mümkinçiligi.Munuň ýaly gurluş, adatça, depelerde gurlup, çäk-töwerege gözegçilik etmek üçin niýetlenendir, şonuň üçin olara ozallar gorag diňi diýlipdir.

Gadymy döwürlerden bäri şeýle desgalar iri we kiçi ilatly ýerleri, şeýle-de beýleki zerur zatlary goramak üçin guramaçylyk çäreleriniň umumy toplumynda ulanylyp gelindi. Şeýle gurluşlar optiki gözegçilik usullarynyň döremeginden has öň ýaýrady, ýöne diňleri ulanmagyň esasy ýörelgesi bolsa asyrlar geçse-de üýtgemändir.

Ilkinji agaçdan ýasalan gözegçilik diňleri bilen deňeşdirilende häzirki döwrüň metal howpsuzlyk diňleri has giň mümkinçilige eýedir.

Nebitmaş döwlet kärhanasynyň boýy 18,5 metr bolan gözegçilik diňlerine, esasan-da, ýurduň howpsuzlyk we serhet gulluklary tarapyndan isleg bildirilýär.

Demir gözegçilik diňinde köplenç halatda ygtybarly garawul otagy gurnalýar.Adaty gözegçilik diňi üç bölekden — gatdan ybarat gurluşa eýe bolup, olarda gorizontal görnüşdäki tekiz syn ediş ýeri ýerleşýär.Taýýar metal önümi islendik zerur bolan ýerde öňünden taýýarlanan demirbeton binýadyna oturdylyp bilner.

Oňa elektrik, tehnologik, aragatnaşyk we beýleki ýörite enjamlar oňaýly ýerleşdirilip bilner.Gurluşyň berkligi we durnuklylygy ähli bölümleri birleşdirýän goşmaça diagonal birikdirme bölekleri bilen üpjün edilýär.

Nebitmaş döwlet kärhanasy metal işläp bejermekde ulanylýan ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Metal gözegçilik diňleriniň hemmesi wagtyň synagyndan geçirilen bitewi tehnologiýa arkaly öndürilýär.

Gözegçilik diňleriniň önümçiligi iň täze önümçilik usullaryny işjeň ulanmak bilen ýerine ýetirilýär. Olar bolsa taýýar metal gurluşynyň taslamalaşdyrma mahalynda görkezilen aýratynlyklara we häzirki tehniki talaplara takyk laýyk gelmegini üpjün edýär. Ol aýratynlyklaryň esasylary bolsa önümiň ygtybarlylygy, netijeliligi we berkligidir.

Nebitmaş döwlet kärhanasy gözegçilik diňlerini islendik mukdarda öndürmek üçin sargytlary kabul edýär.

Nebitmaş DK-nyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe (N.Pomma), 6-njy jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64, (+993 12) 76 02 43, 76 03 69.

Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Nebitmaş DK: metal gurnamalarynyň ýokary hilli önümçiligi
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Awstraliýanyň iň baý adamy planetany halas etmek üçin pul berer
Russiýada Porsche Macan T çykarylar
Türkmen kompaniýasy metal önümlerini eksport etmegi maksat edinýär
Türkmen kärhanasy täze eksport mümkinçilikleri boýunça iş alyp barýar