
Dünýäde nebitiň bahasy öň biraz pese gaçandygynyň ýerine ýene-de gymmatlap başlady, mysal üçin, Brent nyşanly nebitiň nyrhy bir barrel üçin 87,5 amerikan dollaryna golaýlady diýip, MIR 24 ýazýar.
Seljerijiler häzir bazarda bu çig malyň ýetmeýändigini-de belleýärler. Olar şeýle-de OPEK+ boýunça gara altynyň gazylyp alynýan möçberiniň azalmagynyň mümkindigini hem çaklaýarlar.
Muňa garamazdan, nebitiň nyrhlary çärýek döwri arzanlamak bilen jemlese gerek. Şeýle ýagdaý 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek hasaba alynýar. Çärýegiň başyndan bäri Brent nyşanly nebitiň bahasy 23,8 we WTI nyşanly ýangyjyň bahasy 23,2 göterim arzanlady.
26-njy sentýabrda Brent nebitiniň bahasy bir barrel üçin 83 dollardan hem arzanlady, bu 11-nji ýanwardan bäri ilkinji gezek hasaba alyndy.