Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Nebit-gaz gazeti tarapyndan Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli yglan edilen ,,Nebitgaz baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!’’ we üstümizdäki şanly ýylyň ady bilen bagly ,,Türkmenistan parahat ösüşleriň mekany, dünýä dolsun ynanyşmaklyk mukamy’’ döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenildi. Bu barada neşiriň resmi saýty habar berýär.

,,Nebitgaz baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!’’ bäsleşiginiň jemi boýunça ,,Türkmengeologiýa’’ DK-nyň geologiki maglumatlary merkeziniň Guýy maglumatlary toparynyň başlygy Arslan Annamyradow, ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň jogapkär kätibi Atageldi Seýidow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy Nazarmuhammet Nazargulyýew 1-nji orna, ,,Türkmennebit’’ DK-nyň ,,Nebitgazylmytaslama’’ institutynyň uly ylmy işgäri Weýis Annataganow, ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň Lebap welaýaty boýunça habarçysy Mämmetgylyç Kütiýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Sona Islamowa 2-nji orna, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň ,,Türkmengazgeofizika’’ müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň hünärmeni Wepa Hanow, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Begli Begliýew 3-nji orna mynasyp boldy.

,,Türkmenistan parahat ösüşleriň mekany, dünýä dolsun ynanyşmaklyk mukamy’’ bäsleşiginde ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň Daşoguz welaýaty boýunça habarçysy Dädebaý Nartyýew, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Medeni işewürlik merkeziniň başlygy Nurmuhammet Akmyradow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň esasy hünärmeni Ejekeýik Kurbanberdiýewa 1-nji ýeri, TNGIZT-niň ,,Kenar’’ toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nasos desgalarynyň maşinisti Aýterek Annamyradowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy Arazgül Annaýewa, ,,Türkmennebit’’ DK-nyň ,,Nebitgazburawlaýyş’’ trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň uly proraby, konserniň zenanlar guramasynyň başlygy Ogulbibi Şyhyýewa 2-nji orny, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Arslan Annamyradow, Aşgabat şäherindäki 7-nji awtoulaglara ýangyç guýujy bekediniň 1-nji derejeli operatory Baýmyrat Balakaýew, ,,Nebit-gaz’’ gazetiniň foto habarçysy Arslan Müllikow 3-nji ýeri eýeledi. Ýeňijileriň ählisine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat baha sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikleriň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Görüş mümkinçiligi çäkli adamlaryň arasynda küşt boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi
Stambulda “Gorkut Ata” Türk dünýäsi kinofestiwaly dowam edýär