26-njy aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady.
Dünýäniň onlarça ýurdunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly hem görkezilýän iki günlük forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, energetika ulgamyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.
Foruma ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly halkara guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri we bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşýarlar.
Bu forum dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.Olaryň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan we uglewodorod serişdeleriniň gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary “Açyk gapylar”, deňhukukly we özara bähbitli döwletara gatnaşyklar syýasaty hem-de türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky oňyn başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen, çäräniň möhüm ähmiýetini beýan edýän Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebitgaz senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak we olaryň daşky gurşawa täsirini azaltmak meseleleri barada netijeli pikir alyşmak we teklipleri öwrenmek üçin ajaýyp meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Iri kompaniýalar we dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen ýakyn aragatnaşyklaryň ýola goýulmagy ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy, özbaşdak hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde ägirt uly taslamalary amala aşyryp bilýän berkarar döwlet hökmünde amatly geosyýasy we ykdysady ýagdaýy eýeleýän Watanymyzyň ornuny pugtalandyrdy.
Göçme maýa goýum forumynyň çäklerinde geçirilýän iki günlük halkara maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlarynyň ösüşi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny özleşdirmäge degişli taslamalara maýa goýumlary çekmek, “Galkynyş” gaz käninde öndürijiligi ýokarlandyrmak babatda özara hereketleriň täze gurallary, ekologiýa taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga täze tehnologiýalary we nou-haulary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi. Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ileri tutulýan wezipeleri çözmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň anyk guraly hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň eýeleýän orny aýratyn bellenildi.Daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanyň özüne çekijiliginiň artmagynyň esasy şertleriniň ýurtdaky ykdysadyýetiň we syýasatyň durnuklylygyndan, degişli kanunçylyk binýadynyň bolmagyndan ybaratdygy nygtaldy.
Bu ýere ýygnananlar milli nebitgaz pudagynyň gazanan üstünlikleri, ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemäge ähmiýet berip, energiýa serişdelerini iri iberiji hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, harytlar düzüminiň energetika eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energiýa işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu işe özüniň gatnaşmagynyň häsiýetini hil taýdan özgerdýändigi bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin örän uly geljegi açýan kuwwatly serişdeler binýadyna eýedir.Dünýädäki iri “Galkynyş” gaz käni häzirki wagtda anyk taslamalar bilen baglylykda, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmekden ugur alnyp, hususan-da, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin özleşdirilýär.
TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde anyk çäreleriň hatarynda çykyş edýän hakyky maýa goýum taslamasydyr. Bu taslama möhüm durmuş meselelerini çözmek bilen bir hatarda, sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň ýol açyp, ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny artdyryp, parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
Milli gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň geljekki ösüş meýilnamalary ekologiýa degişli ugurlar bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr.Ata Watanymyzda tebigy serişdeler özleşdirilende rejeli ulanylýar, daşky gurşawy goramak barada yzygiderli alada edilýär, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy baradaky meseleler boýunça möhüm halkara başlangyçlary durmuşa geçirilýär.
Ekologiýa kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.Türkmenistan energiýa serişdelerini çykarmakda ekologiýa töwekgelçilikleri azaltmaga, önümçilik tapgyrlaryna netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, häzirki zaman dolandyryş çözgütlerini ulanmak üçin halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we işjeňleşdirmäge taýýardyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda şeýle işler oňat netijelerini berýär.
Häzir uglewodorod serişdelerini almagyň usullary iň ýokary ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýär. Bu babatda döwletimiz degişli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döretdi. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldawa eýe bolup, energiýa serişdeleriniň öndürilmegi bilen birlikde, olaryň üstaşyr iberilmegi hem-de ulanylmagy ýaly ulgamlary gurşap alýan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda BMG-niň kabul eden Kararnamalary bilen berkidildi.
Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny işlemäge maýa goýumlary çekmek meselelerine aýratyn üns berildi. Dünýäniň dürli ugurdaş kompaniýalary tanyşdyrylyşlar bilen çykyş etdiler, toplan tejribelerini paýlaşdylar we täze ylmy işläp taýýarlamalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda täzeçil taslamalaryny görkezdiler.
Foruma gatnaşyjylar geçirilen maslahatlaşmalaryň netijeli bolandygyny belläp, şeýle çäreleri geçirmek işini dowam etdirmelidigini aýtmak bilen, şu duşuşygyň energetika ulgamynda gatnaşyklary has-da giňeltmekde möhüm orun eýelejekdigine ynam bildirdiler.