Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumyny hem hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.Milli Liderimiz bu pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek babatdaky tagallalary bilen nebitgaz pudagynyň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribäni, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynyň netijesinde, bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň esasynda türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna köpugurly esasda çykarmak meselelerine hem möhüm ähmiýet berilýär.Bu ugurda iri taslamalar durmuşa geçirilýär.
Olaryň hatarynda TürkmenistanOwganystanPakistanHindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny belläp geçmek bolýar.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine bagyşlanan meseleler golaýda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek babatda, halkara maslahatlar we duşuşyklar yzygiderli geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-25-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde nebitgaz pudagyna degişli göçme forum geçirildi. Şeýle hem “TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir” atly halkara maslahaty guraldy.
Bu halkara foruma dünýäniň 42 ýurdundan öňdebaryjy kompaniýalaryň 113-sinden ýokary wezipeli wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy.Forumda TürkmenistanOwganystanPakistanHindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Mundan başga-da, halkara forumyň dowamynda BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasy ýaly, dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalary hem-de abraýly halkara düzümleri bilen alnyp barylýan işleri ýokary derejede dowam etmegiň we gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny ösdürmegiň meselelerini işjeňleşdirmek boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy.TOPH gaz geçirijisi barada edilen çykyşlarda, bu taslamanyň sebit üçin uly ähmiýete eýedigi bellenildi.
TOPH gaz geçirijisi Pakistanyň we Hindistanyň tebigy gaz zerurlygy üçin hem ähmiýetlidir. Çaklamalara görä, 2040-njy ýylda Hindistanyň tebigy gaza bolan islegi 120 milliard kubmetre, Pakistanyňky bolsa 90 milliard kubmetre deň bolar. Şeýle ýagdaýda bu taslama Günorta Aziýanyň iki uly döwletiniň tebigy gaz üpjünçiligi üçin möhüm ähmiýete eýe bolar. Nebitgaz pudagyndaky iri maýa goýumlaryň hasabyna ýurdumyzda daşary ýurt bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligi ýola goýuldy.
Muňa Gyýanlyda we Garabogazda gurlan gazhimiýa toplumlarynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawody görkezmek bolar. Ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýangyç-energetika toplumynda ýene-de köp sanly iri taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu pudakda hünärmenleriň ýetişdirilmegi babatda hem köp işler durmuşa geçirilýär.
Golaýda Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy.Täze desganyň umumy meýdany 2 müň 927 inedördül metrden gowrakdyr.
Bu binada ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, amaly okuwlary geçmek üçin, döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglarynyň 16-sy ýerleşýär.Täze okuw binasynda talyplar dört ugur boýunça: mehanika (maşyn gurluşyk tehnologiýasy), senagat enjamlary (senagat abzallaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak), elektrik (elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy) hem-de informasiýa we hasaplaýyş tehnikasy (maglumat ulgamlary) boýunça bilim alarlar.
Häzirki wagtda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin, geljekki hünärmenleriň 1 müň 900-si bilim alýar.Diňe ugurdaş hünärler we sanly tehnologiýalar boýunça okuw mekdebi, her ýyl ýaşlaryň 700-sini kabul edýär.
Bu okuw mekdebi başlangyç we orta hünär biliminden başlap, ýokary hem-de ýokary okuw biliminden soňky ýagdaýa çenli hünärmenleri okatmagyň köp basgançakly ulgamynyň ösdürilmegine öz saldamly goşandyny goşýar.
Baýgeldi NURMYRADOW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň dekanynyň okuw işleri boýunça orunbasary.