Düýn paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady.Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar.
Paýtagtymyzda dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.
Forumyň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar.
Umuman, foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleri gatnaşdylar.Foruma gatnaşýanlaryň düzümi dünýäniň işewür toparlary tarapyndan ýurdumyza maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artýandygyny görkezýär. Ägirt uly energetika serişdelerine baý bolan we uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň artmagy ýurdumyzda “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, deňhukukly we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň we türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýändiginiň aýdyň netijesidir.
Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda giň gerim bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň ähmiýeti uludyr.Milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça eziz Diýarymyzda giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.
Gutlagda şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça eziz Diýarymyzda giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygy nygtalýar.Bu halkara maslahatyň daşary ýurt işewürlerine ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigi aýratyn bellenilýär. “Bütindünýä energetika ulgamynyň geljegi” mowzugynda geçirilen plenar mejlisde türkmen tarapynyň wekili ýurdumyzyň Aziýanyň nebitgaz bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belledi.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyz tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soňra, dördünji orny eýeleýär.Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekijiliginiň artmagynyň esasy şertleriniň hatarynda durnukly ykdysadyýeti we ýurtdaky syýasy ýagdaýy hem-de degişli kanunçylyk esasyny görkezmek bolar. Ýygnananlar ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlary, ony ösdürmegiň geljekki meýilnamalary bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanda ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýan kuwwatly serişdeler binýadynyň bardygy bellenildi.Dünýädäki iri “Galkynyş” gaz käni häzirki wagtda uzak möhletli hyzmatdaşlyga gönükdirilen anyk taslamalar bilen baglylykda, giň gerimde özleşdirilýär.
Golaýyndaky “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde “Galkynyş” käniniň gorlary 27,4 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar. 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen hem-de özüne Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý ugry bilen geçýän üç ugurdaş şahany (A,B we С) birleşdirýän Türkmenistan — Hytaý esasy gaz geçirijisi özara bähbitli transmilli hyzmatdaşlygyň öňdebaryjysy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge uly ähmiýet berip, energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportunyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bazarda eýeleýän ornunyň häsiýetini hem hil taýdan özgerdýär.
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem-de Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda pudagyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Munuň özi sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr. Çykyş edenler bu ulgamdaky geljekki meýilnamalar barada aýdyp, ýurdumyzyň serhedinden Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy akdyrmak üçin niýetlenen täze, dördünji şahanyň çekiljekdigini nygtadylar.
Plenar mejlisiň barşynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de sanly ulgam arkaly “СNPC” kompaniýasynyň wise-prezidenti we “PetroChina” kompaniýasynyň prezidenti Huang Ýunçžan, Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Gi Lens çykyş etdiler.
Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki döwürde dünýädäki durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýar.Bu möhüm ulgamda özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk uzak möhletli geljek üçin ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir.
Energiýa serişdelerini öndürmek hem-de olary ibermek we elbetde, sarp etmek ulgamlaryny öz içine alýan ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir.Hut şeýle toplumlaýyn çemeleşme Bitarap Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasyny düzýär.
Bu syýasat ýurdumyzyň bu ulgamdaky başlangyçlarynyň hem-de iş ýüzündäki hereketleriniň mazmunyny we ugurlaryny kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda döwletimiziň döredijilikli teklipleriniň ähmiýetine üns berildi. Şol teklipler dünýä bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp boldy, BMG-niň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyndaky ýörite Kararnamalary bilen berkidildi.
Soňra forumyň işi “EKSPO — 2020” bütindünýä sergisinden (Dubaý, BAE) teleköpri arkaly alnyp görkeziliş bilen dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde Aşgabat bilen “Sebitdäki energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny” atly mejlis guraldy. ...Dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly derejede ýakynlaşmak ugruna eýerýän Türkmenistanyň EKSPO sergisinde kuwwatyny üstünlikli görkezýändigini bellemek gerek.
Biziň milli bölümimiziň mowzugy “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylýar.Dünýä derejesindäki bu abraýly we giň gerimli, köp pudakly çärede ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň baý milli medeniýeti görkezilýän sergi uly meşhurlyga eýedir hem-de bu ýere gelýän köp sanly adamlarda uly gyzyklanma döredýär.
Serginiň bir böleginde dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň ösüşi görkezilýär.Bu ýerde hödürlenilýän serişdelerde milli ykdysadyýetiň bu strategik ulgamynda ýurdumyzyň mümkinçilikleri aýdyň beýan edilýär.Ylmy işläp taýýarlamalar, energetika ulgamynda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda amala aşyrylýan we durmuşa geçirilýän innowasion taslamalar serginiň mowzuklaýyn esasyny düzdi.
Gün we ýel energiýasyny, bioýangyjy iş ýüzünde ulanmak boýunça tejribe-synag işläp taýýarlamalary bu ýere gelýänleriň ünsüni çekýär.Mejlisiň dowamynda milli nebitgaz pudagynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň “Dragon Oil”, “Fluхys, Gaffney Сline” kompaniýalarynyň, Dubaý Elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi edarasynyň (DEWA) ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri çykyş etdiler.
Bu gün Türkmenistan türkmen tebigy gazyny ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagy hem-de energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmagyň ygtybarly we durnukly ulgamyny döretmegi maksat edinýär.Bu bolsa öz gezeginde häzirki döwrüň has uly meselesini çözmäge — ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam berer.
Munuň özi ýurdumyzyň energiýa serişdelerini ibermek ulgamyndaky hereketlerini hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň häsiýetini kesgitleýär.Mälim bolşy ýaly, energiýa serişdeleriniň turbageçirijiler arkaly iberilmegi iri halkara işewürligiň bir görnüşi bolmak bilen, bu ýerde talap örän ýokarydyr.
Häzirki wagtda emele gelen maliýe-ykdysady ýagdaýa garamazdan, dünýä ykdysadyýeti üçin energiýa serişdeleriniň, ilkinji nobatda bolsa uglewodorodlaryň uly möçberleri gerek bolup durýar.Bu şertlerde uglewodorod serişdelerini öndürijileriň, şol sanda Türkmenistanyň öz eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, olaryň üstaşyr geçirilmeginiň we sarp edijä ýetirilmeginiň köp şahaly döwrebap we netijeli işleýän düzümlerini döretmäge bolan meýilleri kanunalaýykdyr.
Energetika howpsuzlygy ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň möhüm şerti bolmagynda galýar.Bu ugurda Türkmenistan döwlet strategiýasynyň anyk kesgitlenen ýörelgelerine, öz serişde binýadyna hakyky baha bermegiň we ondan peýdalanmagyň geljek üçin mümkinçiliklerine esaslanyp hereket edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny goramaga, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge gönükdirilen taslamalar we maksatnamalar bilen işjeň çykyş edýär we bu EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisindäki milli bölümimizde aýdyň beýan edilýär. “Ýaşyl” tehnologiýalaryň sazlaşykly ösdürilmegi we ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy forumda garalan meseleleriň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, pudaga innowasiýalaryň we bu ugurdaky soňky işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagynyň bu möhüm meseläni çözmäge ýardam berýändigi bellenildi. Çykyşlaryň biri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna bagyşlandy.
Bu gaz geçiriji Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimleriň biridir. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna badalga berildi.Bu waka mynasybetli dabara taslama gatnaşyjy dört ýurduň döwlet Baştutanlary we hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar. “Galkynyş” gaz käninden öz gözbaşyny alýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitdäki möhüm durmuş meselelerini çözmek bilen bir hatarda, sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, olaryň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açar hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, bu giň möçberli taslama Aziýa ösüş bankynyň hem gatnaşýandygy we hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi nygtaldy.
Forumyň birinji gününiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle çäreleriň geçirilmeginiň dowam etdirilmelidigini aýtdylar hem-de döwletleriň arasyndaky köptaraplaýyn netijeli gatnaşyklaryň bu möhüm ugurda uzak möhletli geljegi nazara alyp, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum ertir öz işini dowam eder.Oňa gatnaşyjylar “Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri”, “Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny”, “Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular”, “Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi” mowzuklaýyn mejlislerde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Forumyň ikinji gününde dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň toplan tejribeleriniň we täze işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşyna garaşylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we kesgitlemek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary bellenildi.
Forumyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.