Nebit eksport edýän ýurtlar guramasy (OPEK) 2022-nji we 2045-nji ýyllar aralygynda dünýäniň nebit isleginiň 16,5% ýokarlanjakdygyny çaklady.OPEK 2023-nji ýyl üçin “World Oil Outlook” hasabatynda dünýäniň çig nebite bolan isleginiň 2022-nji ýylda bir günde 99,6 million barrelden 2045-nji ýyla çenli 116 million barrele çenli ýokarlanmagyna garaşýandygyny aýtdy. Ösüş, esasan, Hindistan, Hytaý, Afrika we Ýakyn Gündogar ýaly ösýän ýurtlardan we ösüp barýan bazar sebitlerinden üpjün ediler.
OPEK-iň Baş sekretary Haýыam al-Gaýs ýyllyk hasabatynda 2045-nji ýylda global nebit isleginiň günde 116 million barrele barabar boljakdygyny aýtdy. Bu geçen ýylky hasabatdaky çaklamadan günde alty million barrele golaý ýokarydyr.
-Ilatyň köpelmegi, ykdysadyýetleriň ösmegi we köp ýurtlara döwrebap energiýa hyzmatlaryny bermek zerurlygy sebäpli dünýä ýakyn onýyllyklarda has köp energiýa mätäç boljakdygy aýdyňdyr diýip Haýsam al-Gaýs belledi. OPEK-iň başlygy, nebit pudagynyň ösýän global energiýa islegini kanagatlandyrmak üçin 2045-nji ýyla çenli 14 trillion dollar ýa-da ýylda 610 milliard dollar maýa goýumlarynyň zerurdygyny sözüniň üstüne goşdy.
OPEK-iň hasabatynda nebitiň dünýäniň energiýa balansynda hatda onuň paýynyň 2022-nji ýylda 31,2%-den 2045-nji ýylda 29,5%-e çenli azalmagyna garamazdan, iň uly energiýa çeşmesi bolup galjakdygyny çaklanýar.
Hasabatda ýel, gün, geotermiki we daşgyn energiýasy ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýynyň, “köp sebitlerde güýçli syýasy goldaw” sebäpli, 2022-nji ýylda 2,7%-den 2045-nji ýylda 11,7%-e çenli ýokarlanjakdygy bellenilýär.