Nebite isleg artar

Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy (OPEK) 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň gije-gündizde degişlilikde, 3,1 million barrel hem-de 2,7 million barrel derejede ösjekdigini çaklady. Bu barada guramanyň nobatdaky aýlyk hasabatynda aýdylýar.

“Ählumumy ykdysady ösüş nebite islegiň 2022-nji ýylda gije-gündizde 3,1 million barrel we 2023-nji ýylda gije-gündizde 2,7 million barrele çenli ösmegine alyp barar.

Netijede, dünýäniň nebite bolan islegi gije-gündizde 102,7 million barrele deň bolup, bu COVID-19 pandemiýasyna çenli döwürdäkiden ýokary bolar” diýlip, beýanatda aýdylýar. 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite bolan islegiň ösüşi dünýäniň syýahatçylyk bazarlaryndaky dikeliş we ulag işjeňliginiň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly bolar. Şol bir wagtyň özünde Demirgazyk we Latyn Amerikasy ýurtlary global çig mala gyzyklanmasynyň ýokarlanmagynyň esasy hereketlendirijisine öwrüler.

Ýene degişli makalalar

Braziliýaly dünýäde iň uzak ýaşly diýlip yglan edildi
Iň uzak ýaşly adam rekordynyň täze eýesi
Türkmenistanda Braziliýanyň täze ilçisi işe başlady
Türkmenistan ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ýubileý maslahaty geçirdi
Türkmenistan Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň ýörite mejlisine gatnaşdy
Aşgabatda ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ýubileý maslahat geçirildi
Panama adasy suwuň astyna gidýär