Nebit we tebigy gaz eksportunda öňdebaryjy

Russiýa Federasiýasy 2016-njy ýyl boýunça tutuş dünýäde nebit we tebigy gaz eksportunda öňde barýar.Russiýa dünýäniň nebit eksportunyň 13,2 göterimini, tebigy gaz eksportunyň 18,9 göterimini eýeledi.

Bu barada Beýik Britaniýanyň “British Petroluem” (BP) kompaniýasynyň dünýä energetikasy baradaky statistika maglumatnamasynda bellenip geçilýär.Maglumatlara görä, geçen ýyl Russiýanyň nebitiniň eksporty 2,1 göterim artyp, bir günde 8,6 million barrele deň boldy.

Tebigy gazyň eksporty bolsa 6,1 göterim köpelip, 204,8 milliard kubometre deň boldy. Şeýlelikde, Russiýa Federasiýasy öndürilen nebitiň 77 göterimini, tebigy gazyň 33 göterimi we kömrüň 55 göterimini daşary ýurt bazarlaryna iberdi.Russiýada nebit önümçiligi bassyr 8 ýyldan bäri köpelýär. 2016-njy ýylda bu ugurda rekord goýlup, bir günde 11,2 million barrel öndürildi.

Bir ýyldaky nebit önümçiligi 2,2 göterim artyp, tutuş dünýäniň önümçiliginiň 12,2 göterimine deň boldy. Şeýle ýagdaý tebigy gaz önümçiliginde-de bolup geçdi.Tutuş dünýäniň tebigy gaz önümçiliginiň 16,2 göterimi Russiýanyň paýyna düşýär.

Ýene degişli makalalar

Mozambik oktýabrda Ýewropa suwuklandyrylan gaz eltmekçi
14 ýyldaky iň ýokary girdejisi
Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
Lebapda dizel ýangyjy ýok. Ýangyç beketlerindäki nobatda daşary ýurt awtoulaglary hem bar
Dünýäniň iň gowy awiakompaniýalary
Elektroulaglary öndürer
Mahindra & Mahindra elektrik ulaglaryny öndürmekçi