Nebit we gaz forumyna 100-den gowrak kompaniýanyň wekilleri onlaýn gatnaşdy

Nebit we gaz forumyna 100-den gowrak kompaniýanyň wekilleri onlaýn gatnaşdy

27-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda açylan Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021 atly XXVI halkara maslahat “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” korporasiýasy tarapyndan hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu abraýly maslahat diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan onlaýn usulda dünýäniň onlarça ýurduna görkezilýär.Oňa Hökümet düzümleriniň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly guramalaryň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. 30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşuldy.

Maslahatyň umumy mejlisi ählumumy energiýa ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüşine bagyşlandy. Sanly ulgam arkaly çykyş eden Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň birnäçe ugurlar, hususan-da, halkara nebit bazarynda durnuklylygy üpjün etmek boýunça netijeli gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Soňra maslahatyň işi dürli ugurlar boýunça dowam etdi. Şolaryň ilkinjisi “Nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçilikleri: gury ýerdäki maýa goýum taslamalaryna syn” baradaky meselä bagyşlandy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda açylan nebitgaz forumyna 32 döwletden 90 kompaniýanyň wekilleri gatnaşdylar
Nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum
Nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum
AŞGABATDA NEBITGAZ PUDAGYNA DAŞARY ÝURT MAÝA GOÝUMLARYNY ÇEKMEK BOÝUNÇA HALKARA FORUM GEÇIRILDI
В АШХАБАДЕ СОСТОЯЛСЯ МЕЖДУНАРОДНЫЙ ФОРУМ ПО ПРИВЛЕЧЕНИЮ ИНОСТРАННЫХ ИНВЕСТИЦИЙ В НЕФТЕГАЗОВУЮ ОТРАСЛЬ
Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşar
Aşgabatda OGT 2022 halkara nebitgaz forumy geçiriler