Türkmengaz Döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň geofizika bölüminiň esasy ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Taganguly Ilamanowyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary Günorta-Günbatar Türkmenistanyň ýataklarynda nebit çykarmagy artdyrmagyň geljegini öwrendiler we gözleg-agtaryş işleriniň täze ugruny teklip etdiler.
Olaryň pikirine görä, ulanylýan ýataklardaky gyzylreňk gatlaklaryň burawlanmadyk bölegi, gurluşara çöketlikler we gyzylreňkasty miosen we mezozoý gatlaklary jikme-jik öwrenilmelidir.Taze barlaglaryň geljekde nähili mümkinçilikleri açýandygy barada men pudaklaýyn institutyň esasy hünärmeni Taganguly Ilamanow bilen söhbetdeş boldum. -Ozaly bilen, gurluşara çöketlikler sözüniň näme aňladýandygyny aýdaýsaňyz? -Alymlar geljegi bolan şeýle ýerlere diňe bir ýakyn geologik gurluşy bolman, eýsem tektonikanyň, önümli gatlaklaryň ýatagy we nebitli-gaz doýgunlylygy meňzeş häsiýetli birmeňzeş gurluşly iki ýeriň (känleriň) arasyndaky nebitli-gazly ýerleri muňa degişli edýärler.
Işlenilýän ýataklaryň arasyndaky şeýle zolaklaryň öwrenilmeginiň ylmy-amaly taýdan uly ähmiýetlidigi we nebit-gaz berýän gatlagyň bütewi suduryny kesgtlemäge ýardam edýändigi kesgitlenildi.Häzirki wagta çenli şol gatlaklarda önümli ýerleriň az ýüze çykarylmagy geljegi bolan ýataklaryň ýoklugy sebäpli däl-de, gözleg-agtaryş maglumatlarynyň ýeterlik bolmanlygy bilen baglanşyklydyr.
Bu ugurda nebit we gaz gözleg-agtaryş işleriniň maksadalaýyk geçirilmegi geljekde uglewodorod gorlaryny artdyrmaga mümkinçilik berer. -Deňiz ýakasynda geljegi bolan, ýöne häzirlikçe az bilinýän nebitli-gazly näçe gurluş bar? - Günorta-Günbatar Türkmenistanda uglewodorodly gatlaklar gurluşara çöketlikleriň üçüsinde ýüze çykaryldy.
Ilkinji gezek şeýle ýatak Balkanýaka sebitde, Barsagelmez we Nebitdag ýaly belli ýataklaryň arasyndaky Burun ýatagynda ýüze çykaryldy.Aslynda ol apşeron gatlagyň we gyzyl reňkli gatyň Barsagelmez hem-de Nebitdag ýataklaryndaky ýaly nebitli-gazly, tektoniki bölünme zolagynda ýerleşýän gurluşara bentdir.
Geljegi bolan ikinji ýatak Şatut we Demirgazyk Ekerem gurluşlarynyň arasynda, Gögerendag-Ekerem sebitinde ýüze çykaryldy.Bu ýerde 3D umumy çuňluk nokady usuly (UÇNU) bilen seýsmik-gözleg barlaglary geçirildi.
Alymlaryň maslahatyna laýyklykda bu ýerde 15-nji guýy 3883 metre (miosen çökündisine) çenli burawlandy. 3559-3563 metr aralygynda (aşaky gyzylreňk çökündiler) gije-gündiziň dowamynda 50 müň kub metr debitli senagat gaz akymy we gije-gündizde 48 kub metr kondensat alyndy.
Nebit ýatagy tapylan üçünji sebit Keýmir we Akpatlawuk ýataklarynyň arasynda ýerleşýär.Bu ýerde dikilen 30-njy guýy 3041 metrden 3329 metre çenli dürli çuňlukda burawlananda nebitçiler gije-gündizde 4,5 kub metrden 20 kub metre çenli nebit akymyny aldylar. -Keýmir we Akpatlawuk ýataklarynyň arasyndaky ýeriň goruny nädip anykladyňyz? -3D-seýsmik gözlegiň maglumatlaryny jikme-jik öwrenmegiň esasynda gurluş kartasy düzülip, 30-njy guýynyň özbaşdak blokdadygy tassyklanyldy.
Alymlar döwrebap programma üpjünçiligini ulanyp, şu guýy boýunça geofiziki barlaglaryň (GGB) takyk seljermesini geçirdiler.Netijede gatlaklaryň kesindilerinde nebit doýgunly akymlaryň 9-sy ýüze çykaryldy.Biz 30-njy guýydan ýarym kilometr günorta-günbatarrakda seýsmiki profilleriň galtaşýan nokadynda 02-nji gözleg guýysyny burawlamagy maslahat berdik.
Ol 4100 metre çenli burawlanar.Guýy gyzyl reňk we mioseniň sarmat gatynyň çökündilerini açar we olaryň nebitgaz berijiligini kesgitlemäge mümkinçilik berer. Ýene bir nebit we gaz geljegi bolan ýer bir-birine ýakyn Nebitlije we Günorta Gamyşlyja ýataklarynyň arasynda ýerleşýär.
Bu iki ýatagyň aşaky gyzyl reňk çökündiler boýunça önümli gatlaklary bir-birine gaty ýakyn.Nebitli we gazly geljegi bolan ýerleri kesgitlemek üçin biz bu ýataklaryň önümli gatlaklary boýunça 2D we 3D UÇNU-nyň seýsmiki maglumatlaryny we guýylaryň geofiziki barlaglaryny (GGB) mukdar taýdan jikme-jik öwrendik. -Şol barlaglar näme görkezdi? -Seýsmik barlaglaryň esasynda düzülen gurluş kartalarynda gurluşara çöketlikleriň çäklerinde bu iki ýatagyň guýylaryň arasynyň aňryçäk (1500 metre çenli) ýakynlgyy görünýär, şol sebäplem olaryň nebitgazly ýatagyň ýaýran bütewi zolagynda bolmagy mümkin.
Bu sebitiň uglewodorod gorlaryna baha bermek üçin bar bolan maglumatlara hemmetaraplaýyn seljerme berildi.Ol hereket edýän guýylaryň ulanylan gatlarynda nebitli akymlaryň onlarçasynyň anyklanandygyny görkezdi, emma olar entek barlanylmandyr.
Biz Nebitlije we Günorta Gamyşlyja ýataklarynyň gurluşara çöketliginde GGB-nyň maglumatlaryny toplumlaýyn öwrenmegiň netijesinde ýüze çykaryljak önümli akymlaryň ählisini barlamak şerti bilen gözleg guýylarynyň üçüsini burawlamagy maslahat berdik. Şeýle çemeleşme burawlamak teklip edilen guýylaryň önümliligini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.