Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy (ADNOS) Günorta Koreýanyň SK holdingi bilen iri ýerasty nebit rezerwuaryny gurmak maksady bilen şertnama baglaşandygyny mälim etdi.Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň wekilleriniň aýtmaklaryna görä, bahasy 4,4 milliard dirhemlik (1,187 milliard amerikan dollary) işler Günorta Koreýanyň SK holdingine degişli gurluşyk kompaniýasyna tabşyryldy.Häzirki wagtda Günorta Koreýanyň kompaniýasy ýurduň El-Fujaýra emirliginiň gündogar kenarlarynyň golaýynda ätiýaçlyk maksady bilen 42 million barrellik nebit rezerwuaryny gurmak bilen meşgullanýar. Ýerasty desganyň her biri 14 million barrellik 3 sany rezerwuardan ybarat bolar.Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Soltan Ahmed Al-Jaberiň aýtmagyna görä, nebit önümleri saklanýan rezerwuarlaryň gurluşygynyň maksady ýurduň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekden hem-de çig nebiti ygtybarly üpjün ediji hökmünde BAE-niň derejesini berkitmekden ybaratdyr.
Onuň gurluşyk işleri 2022-nji ýylda tamamlanar.